Ykdysady ösüşiň ýoly

3 Iýun 2021
1030

Sebit hem dünýä ýurtlary, şeýle-de Hazarýaka döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ata Watanymyz Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň köpugurly esasda ösdürilmeginiň, Ýewraziýanyň sazlaşykly ösýän geosyýasy we ykdysady merkezleriniň biri bolan Hazar sebitiniň ägirt uly tebigy çig mal, energetika, senagat, üstaşyr ulag mümkinçilikleriniň doly durmuşa geçirilmeginiň tarapdarydyr. Şonuň üçin-de, sebitde döwletara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny has-da berkitmäge gönükdirilen işler giň gerimde alnyp barylýar.

Türkmenistanyň nebitgaz toplumy we onuň pudaklary ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy maliýe çeşmesi bolup, ol ýurdumyzyň Hazar sebitiniň we Merkezi Aziýanyň energetika bazarynda esasy ýurtlaryň biri bolmagyna mümkinçilik berýär. Şonuň netijesinde Hazar deňziniň nebitiň we gazyň bütindünýä sanawyna goşulan gorlaryny çalt depginler bilen özleşdirmek, deňiz ýalpaklygynda we kenarýaka zolakda ýakyn ýyllarda «gara altynyň» we «mawy ýangyjyň» çykarylyşyny düýpli artdyrmak maksat edinilýär.

Humaý ŞAMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar