Ulag ulgamy: häzirkizaman giňişligindäki giň mümkinçilikler

14 Maý 2021
1800

Ýurdumyzyň üstaşyr ýük geçirijiligini ýokarlandyrmak boýunça hormatly Prezidentimiz gümrük gullugynyň öňünde anyk wezipeleri goýýar. Olary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde gümrük işi çygryndaky milli kanunçylygymyz yzygiderli kämilleşdirilýär. Geçen ýyl Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, oňa daşary ýurtly ýük daşaýjylar, şol sanda konteýnerli ýük daşaýjylar üçin ýurdumyzyň çäginde ýük daşamakda amatly şertleri we ygtybarly hukuk esaslaryny göz öňünde tutýan düzgünler girizildi. Şonuň ýaly-da halkara konwensiýalaryndan ugur alnyp, geçen ýyl ýurdumyzda ýük daşaýjylar we logistik kompaniýalar, şol sanda multimodal ýük daşamagy, konteýnerli ýük daşamagy amala aşyrýan şahslar, ýük alyjylar we eksport edijiler üçin ýük amallaryny geçirmekde amatly şertleri göz öňünde tutýan gullugyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hem birnäçesi kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň gümrük edaralarynda gümrük amallary sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar. Bu bolsa sarp edilýän wagty gysgaldýar. 2020-nji ýylyň başyndan gümrük gullugynda «ASYCUDA World» atly utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy işe girizilip, serhetde üstaşyr deklarasiýasyny hem-de ulag serişdeleriniň giriş we çykyş deklarasiýalaryny doldurmak we resmileşdirmek işleri sanly ulgam arkaly bökdençsiz amal edilýär.

Jalil JALALOW,
welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar