Baky bagtyň aýdyň ýoly

4 Maý 2021
1779

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde her bir günümiz üstünlige, ösüşlere beslenýär. Eziz Diýarymyzdaky göwün guşuňy ganatlandyrýan şanly senelerdir ýatda galyjy toý çäreleri beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna barha ýakynlaşdyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän aýdyň maksatly özgerişler, ilkinji nobatda ynsan hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyna güwä geçýär. Halkymyzyň iň arzyly gymmatlygy bolan Garaşsyzlyk beýik ösüşlerimiziň binýady bolup durýar. Eziz Diýarymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda özygtyýarly, asuda, parahat ýurt hökmünde dünýä döwletleri bilen giň göwrümli gatnaşyklary has-da ösdürip, halkara giňişliginde ählitaraplaýyn ösen döwlet hökmünde ykrar edildi. Şeýlelikde, halkyň ýaşaýşy täze many-mazmun bilen barha baýlaşýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň durnukly ösüşi nazarlaýan mukaddes ýörelgelerinde öz beýanyny tapýar.

Hudaýnazar DURDYÝEW,
Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar