Baky berkarar Watan

30 Aprel 2021
1623

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen Bitarap ýurdumyzyň parahatçylyk dörediji mümkinçiligi günsaýyn barha artýar. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty transkontinental ulag-kommunikasion geçelgelerini döretmek baradaky giň möçberli taslamalarda, energiýa serişdelerini dünýä bazaryna eltmegiň ykdysady taýdan has amatly ugurlaryny kesgitlemekde we beýleki başlangyçlaryny amala aşyrmakda şanly rowaçlyklara beslenýär. Muňa özygtyýarly, baky berkarar Watanymyzyň indi birnäçe gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň wise-başlyklygyna, bu iri halkara guramasynyň abraýly toparlarynyň we ykdysady edaralarynyň düzümlerine saýlanylmagy hem aýdyň güwä geçýär.

Diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, dostana gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen daşary syýasatda ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine laýyk gelýän işjeň syýasat alnyp barylýar. Güneşli Diýarymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň şanyna tutulýan toý-dabaralaryň öň ýanynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, BMG-ä agza döwletleriň 72-siniň bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi ulus-ilimiziň baýramçylyk şatlygyna-şatlyk goşdy. Gazanylan bu uly üstünlik ildeşlerimiziň watançylyk duýgularynyň ösmegine has-da çuňlaşmagyna mümkinçilik berýär, milletimiziň ruhy galkynyşynyň ýokary derejelere göterilmegine esas bolup hyzmat edýär.

Baýramgül HALDURDYÝEWA,
Türkmenabat şäher prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar