Gözel şäher — Aşgabat

22 Aprel 2021
1276

Hormatly Prezidentimiziň söýgüsinden, yhlasyndan, döredijilikli zehininden, binagärlik ukybyndan täze keşbe eýe bolýan Aşgabat dünýäniň nusgalyk şäherine öwrülýär. Binalary ak mermere, goýny goýry baglara, çarbaglary gül-çemene bürenen paýtagtymyzyň keşbinde päklik, goýnunda bagtyýarlyk orun tutup, gujagynda yşk, ýaşlyk, gujur-gaýratlylyk hem gözellik joş urýar. Bu gün türkmen halky 140 ýaşy arka atýan Aşgabadyň nuranalyga, gözellige ýugrulan keşbinden ylham alýar.

Aşgabadyň şäher gözelliginiň esasy aýratynlyklarynyň birini paýtagtymyza özboluşlulyk we müşk berýän agaçlar, emeli tokaýlar emele getirýär. Tomsuň yssy günlerinde olardan ýöräp geçmek ýa-da suw çüwdürimleriniň ýanynda dynç almak adama rahatlyk berýär. Islendik ýerden seredeniňde-de Köpetdagyň owadan gerişleriniň görünýändigi Aşgabadyň şähergurluşyk taslamasynyň aýratynlygydyr. Şu zatlaryň ählisini göz öňünde tutanymyzda ak mermerli Aşgabada parahatçylygyň, ylalaşdyryjylygyň, ýaşlygyň, gözelligiň hem bagtyň şäheri diýip, arkaýyn aýdyp bileris.

Gülsere KUŞAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar