Atşynaslaryň me­ka­nynda

22 Aprel 2021
1517

Gök­de­pe et­ra­by­nyň Kä­ri­zek ge­ňeş­li­gi­niň Aba An­na­ýew oba­sy we onuň bi­len ýa­na­şyk­da ýer­leş­ýän Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk sport top­lu­my Kö­pet­da­gyň ete­gi­ne öz­bo­luş­ly gö­zel­lik goş­ýar. Bir-bi­ri bi­len öz­bo­luş­ly saz­la­şy­gy eme­le ge­ti­rip, gö­re­ni haý­ra­na goý­ýan bu nus­ga­lyk oba we top­lum Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da 2016-njy ýy­lyň 22-nji ap­re­lin­de da­ba­ra­ly ýag­daý­da açy­lyp, ula­nyl­ma­ga be­ril­di.

Us­sat at­şy­nas, tej­ri­be­li se­ýis Aba An­na­ýe­wiň ady­ny uly buý­sanç bi­len gö­ter­ýän bu nus­ga­lyk oba­da ýa­şa­ýan at­çy­lyk hü­när­men­le­ri, se­ýis­ler öz­le­ri üçin dö­re­di­len aja­ýyp müm­kin­çi­lik­ler­den ruh­la­nyp, ge­çen ýyl­la­ryň için­de be­hiş­di be­dew­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek we spor­ta taý­ýar­la­mak ba­bat­da gu­wan­dy­ry­jy iş­le­ri alyp bar­dy­lar hem-de bu ugur­da­ky iş­le­ri hä­zir­ki gün­ler­de-de üs­tün­lik­li do­wam ed­ýär­ler. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň we­la­ýat bir­leş­me­si­niň baş­lan­gy­jy esa­syn­da Aba An­na­ýew oba­syn­da we onuň bi­len ýa­na­şyk­da ýer­leş­ýän Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk sport top­lu­myn­da dö­re­di­ji­lik sa­pa­ryn­da bo­la­ny­myz­da hem aý­dyň göz ýe­tir­dik.

Aý­do ŞE­KE­ROW,
«Ahal dur­mu­şy».
Beýleki habarlar