Garaşsyzlyk - buýsanjymyz

22 Aprel 2021
1165

Garaşsyzlyk berkarar döwletimiziň abadançylygynyň, kuwwatlylygynyň we mizemezliginiň berk binýadydyr. Men öz dogduk mekanymyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistandygyna buýsanýaryn. Şu ýylyň tylla güýzünde ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk alanyna 30 ýyl dolýar. Taryh üçin seýle gysga wagtyň içinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan, ylym-bilim ulgamlarynda, oba hojalykda, sportda asyrlara barabar sepgitlere ýetendigine diýseň guwanýarys. Bu buýsandyryjy hakykaty bütin dünýä ykrar edýär.

Ata-babalarymyz elmydama türkmen halkynyň başyny birikdirmegi arzuw edipdirler. Bu baradaky pikirler geçmişdäki şahyrlaryň goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Halkymyz öz isleg-arzuwlaryny döredijilige we sungata siňdiripdir. Ynha, bu gün bolsa olaryň asyrlarboýy ýetip bilmedik arzuwlary hasyl boldy.

Amansoltan ALTYÝEWA,
Bereket etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy.
Beýleki habarlar