Arkadagymyzyň saýasynda Garaşsyzlygymyzyň miweleri

16 Aprel 2021
1340

Bank ul­ga­my­ny ös­dür­mek Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­ny dur­mu­şa ge­çir­me­gi­niň stra­te­gik ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Yk­dy­sa­dy sy­ýa­sat­da ma­li­ýe-bank ul­ga­my­nyň eda­ra­la­ry­nyň eýe­le­ýän mö­hüm or­ny ola­ra be­ril­ýän wa­jyp we­zi­pe bi­len bag­ly­dyr. Türk­me­nis­tan­da Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan saz­la­şykl­y döw­let sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, mil­li bank ul­ga­my ke­ma­la ge­ti­ril­di. «Türk­men­ba­şy» döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky hem-de «Se­na­gat» paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­ky hyz­mat­la­ryň möç­be­ri bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň esa­sy bank­la­ry­dyr.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2018-nji ýy­lyň 15-nji few­ra­lyn­da gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, gur­lu­şy­gy ama­la aşy­ry­lan bank ul­ga­my­nyň des­ga­la­ry­nyň – «Türk­men­ba­şy» döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň hem-de «Se­na­gat» paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň bi­na­la­ry­nyň açyl­ma­gy şan­ly se­nä – Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan­dyr hem-de eziz Di­ýa­ry­my­zyň yzy­gi­der­li yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy­dyr. «Bouy­gues Ba­ti­ment In­ter­na­tio­nal» meş­hur fran­suz kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan gur­lan bank­la­ryň tä­ze bi­na­la­ry Aş­ga­ba­dyň gü­nor­ta bö­le­gin­de, soň­ky ýyl­lar­da paý­tag­ty­my­zyň işe­wür­lik mer­ke­zi ke­ma­la ge­len Çan­dy­bil şa­ýo­lu­nyň ug­run­da peý­da bol­dy. Şu my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow gat­naş­dy.

Beýleki habarlar