Onlaýn konsert

16 Aprel 2021
789

Ýakynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň onlaýn arkaly baýramçylyk konserti geçirildi.

Ýerine ýetirilen eserlere uly mugallym Nury Muhyýew we «Orkestriň dirižýory» hünäriniň talyby Döwletmämmet Ökdirow dirižýorlyk etdiler. Konsert Ý.Meýtus bilen D.Öwezowyň «Leýli we Mejnun» operasynyň giriş sazy bilen açylyp, «Leýli we Mejnun» operasyndan birnäçe ariýalar, A.Şapoşnikow bilen D.Öwezowyň «Şasenem we Garyp», «Aýna», A.Şapoşnikow, W.Muhadowyň «Kemine we Kazy», «Görogly» operalaryndan ariýalar we «Keremli söz» kinofilminden Keremiň aýdymy, D.Ökdirow «Gyratym girse meýdana» atly halkyň aňyna siňen aýdymdyr sazlar bilen dowam etdi. Konsertde belli daşary ýurt kompozitorlarynyň operalaryndan aýdyşyk, kinofilmler üçin döredilen sazlar ýerine ýetirildi.

Ýörite habarçylarymyz.
Beýleki habarlar