Baky bagtyýarlygyň şuglasy

15 Aprel 2021
1724

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi dünýä ýaýylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklarymyz has-da ösdürilýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde dünýä döwletleri bilen ykdysady, medeni, ylym-bilim, energetika ýaly ugurlarda gatnaşyklar ýola goýulýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň müňlerçe ýyl bäri dowam edip gelýän agzybirlik, parahatçylyk we ynanyşmak ýaly ynsanperwer häsiýetlerini, hemişe dost-doganlyk ýörelgelerine ygrarly bolan syýasaty alyp barýandygyny ýene-de bir gezek dünýä ýaýýar. Ýurdumyz dünýä döwletleri bilen diplomatik, iki tarapa hem bähbitli ykdysady gatnaşyklary ýola goýdy. Dünýä döwletleri bilen ynanyşmak arkaly dostlukly gatnaşyklara ygrarly bolmagy ýurdumyzyň daşary hem-de içeri syýasatynda durmuşa geçirilýän dünýä nusgalyk beýik işleriň giňden dabaralanmasynyň beýanyna öwrüldi.

Aýna BERDIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar