Alkyşlar — dillerde sena

14 Aprel 2021
931

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda hususy işewürleriň we talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Milli ykdysadyýet ösüşleriň ýolunda» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Işjeň häsiýetde geçen çärede höwes bildirýän ýaşlary telekeçilige çekmekde we ykdysadyýetimiziň pudaklaryny öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmekde, halkara bazarlarynda bäsleşige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmekde hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde alnyp  barylýan işlerde telekeçileriň öňünde uly wezipeleriň durýandygy barada gürrüň edildi. Şeýle-de, golaýda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi we şol gazna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy bilen baglanyşykly buýsançly sözler çykyşlaryň özenini düzdi. Geljegimiz bolan ýaş nesilleriň akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalaryň milli Liderimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygy nygtaldy. Halkymyz, esasan hem, ýaşlar barada atalyk aladasyny edýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri wagyz-nesihat çäresinde öwran-öwran aýdyldy.

Maral HANGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň buhgalteri.
Beýleki habarlar