Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz Garaşsyzlyk ýyllary içinde halkara derejesinde möhüm syýasy, ykdysady we ekologiýa başlangyçlaryny öňe sürýär. Parahatçylygy döredýän ýurt hökmünde dünýäde uly abraýa eýe bolýar. Uzak möhlete niýetlenen ösüş maksatlary bolan kuwwatly we sazlaşykly ösýän döwlete öwrüldi.
Taryh üçin örän gysga döwrüň içinde ýurdumyzda demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň berk esaslary döredildi. Halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda uly özgertmeler bolup geçdi. Bütinleý täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Şu döwürde mukaddes Garaşsyzlygyna daýanýan döwletimizde halkymyzyň gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklary, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwer däpleri dikeldildi.