Bagtyýarlygyň we gözelligiň şäheri

13 Aprel 2021
992

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halky merdana pederlerimiziň asyrlarboýy arzuwlan abadan ýurdunda eşretli durmuşda ýaşaýar. Eziz Watanymyzyň ykdysady taýdan barha kuwwatlanmagy, halkara abraýynyň belende galmagy ähli ildeşlerimiziň kalbynda guwanç, bagtyýar döwrümize buýsanç duýgusyny döredip, olary netijeli işlemäge ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen türkmeniň täze taryhy halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekden ugur alnyp gurulýar. Aşgabat şäherini gurmagyň baş meýilnamasyna laýyklykda, eziz Diýarymyz gurluşyk pudagynda döwrebap ösüşleri gazanýar. Kaşaň edara binalaryny, ýaşaýyş jaý toplumlaryny, iri önümçilik we durmuş maksatly desgalary gurmakda hem-de olaryň taslamalaryny taýýarlamakda dünýäniň iň kämil usullaryny özleşdirýän we olary netijeli peýdalanýan ýurdumyzyň gurluşyk düzümleriniň işleri hil taýdan täze derejä çykýar. Toplumlaýyn amala aşyrylýan özgertmeleri, telekeçilige we bazaryň sarp edijilerine giňden goldaw bermäge gönükdirilen syýasat bu pudagyň bedew batly ösüşini şertlendirýär.

Türkmen halkyna bagtyýarlygy peşgeş eden hormatly Prezidentimiz ýygy-ýygydan şähergurluşyk maksatnamasy bilen içgin tanşyp, ýurdumyzda gurulýan her bir desganyň, binanyň häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk bolmalydygyny nygtaýar. Ynsan eli bilen gurulýan şeýle ajaýyp şäheri göreniňde bagtyýar döwrümize bolan guwanjyň, buýsanjyň artýar. Ak şäherimiz Aşgabat Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözümiziň alnynda dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Biz günsaýyn özgerýän, gözelleşýän paýtagtymyzyň şeýle beýik ösüşleriniň şaýady bolýarys. Paýtagtymyz sözüň doly manysynda gözelligiň hem-de ajaýyplygyň şäherine öwrüldi.

Gunça AMANOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar