Energetikanyň täze mümkinçilikleri

13 Aprel 2021
820

Türkmenistan ýokary halkara abraýyna eýe bolan döwlet hökmünde energetika ulgamynda taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär.

Türkmenistan dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri bolmak bilen, ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini häzirki we geljekki nesilleriň bähbitleri üçin ulanmagyň ýokary nusgasyny görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň döwrüň derwaýys meseleleri boýunça başlangyçlary sebitleýin hem-de ählumumy derejede özara gatnaşyklaryň amatly mehanizmleriniň işlenip taýýarlanylmagyny şertlendirýär. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselesine dünýä syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde çemeleşmegi aýratyn bellärliklidir.

Welimyrat ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar