Aşgabat — rekordlaryň şäheri

13 Aprel 2021
930

Eziz Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny hem-de Watanymyzyň ak mermerli paýtagty Aşgabadyň 140 ýyllygyny giňden baýram etmäge taýýarlyk görülýär. Bu gün hormatly Prezidentimiziň binagärlik-şähergurluşyk konsepsiýasy esasynda ak şäherimiz Aşgabat ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, işewürlik we medeni durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, dünýäniň ýaşamak üçin amatly, iň gözel şäherleriniň hatarynda eýeleýän ornuny barha berkidýär. Baş şäherimiziň beýikden-beýik binalarydyr desgalary, depesi tylla gümmezli köşgi-eýwanlary, myhmanhanalarydyr ajaýyp seýilgähleri türkmen myhmansöýerliginiň iň oňat däplerini özünde jemläp, dünýäde parahatçylygyň we ylalaşdyryjylygyň merkezi hökmünde hem giňden meşhurdyr.

Islendik ýurda gelen myhman, ilki bilen, onuň paýtagt şäherine seredip, şol ýerdäki ösüş-özgerişlere baha berýär. Watanymyzyň ýüregi Aşgabat bolsa ýurdumyza gelýän wekiliýetleriň, syýahatçylardyr myhmanlaryň mynasyp derejede garşylanýan, Türkmenistan hakynda ilkinji täsirleriniň döreýän ýeridir. Aşgabada «ýurdumyzyň ýüzi» diýilmeginiň düýp sebäbi-de hut şunuň bilen baglanyşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, Aşgabadyň gözellikleri, haýran galdyryjy binalarydyr desgalary Ginnesiň rekordlar kitabyndan mynasyp orun aldy. Ginnesiň rekordlar kitabyna täsin desgalarynyň 11-si bilen giren Aşgabadyň özi hem 2013-nji ýylda dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde onuň sahypalaryna adyny ýazdyrdy. Munuň özi, ozaly bilen, hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzy ösdürmek boýunça alyp barýan giň gerimli işleriniň dünýä derejeli ykrarydyr, ýurdumyzyň paýtagtynyň gaýtalanmajak gözelliklerine berlen ýokary bahadyr, baş şäherimiziň hemişe dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezindediginiň aýdyň nyşanydyr. Şoňa görä-de, daşary ýurtly myhmanlaryň paýtagtymyz bilen tanyşlygyny hut şol desgalardan başlamagy hem kanunalaýyk ýagdaýdyr.

Gözel GUTLYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar