Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanda 2021-nji ýylda şaly öndürmek hakynda» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Darganata, Dänew, Çärjew, Farap, Saýat, Halaç, Hojambaz, Kerki, Döwletli we Köýtendag etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň atçylyk sport toplumlarynda geçirilýän at çapyşyklarynda, gözellik bäsleşiklerinde hem-de atly sport ýaryşlarynda ýeňiş gazanandygy üçin Türkmenistanyň raýatlaryna we ýuridik şahslaryna degişli atlara berilýän baýraklary, şol atlaryň ýokary derejede ösdürilip ýetişdirilmegine goşant goşan şahslaryň arasynda paýlamak bellenildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanda her ýylyň aprel aýynda türkmen alabaý itleriniň arasynda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigi hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi.
Şeýle hem resminama bilen: Türkmenistanda türkmen alabaý itleriniň arasynda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigini geçirmegiň Tertibi; türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrundaky bäsleşigi geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy.