Özgerişli ajap döwür

12 Aprel 2021
835

«Türkmenistanda 2019 ― 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda hem uly işler alnyp barylýar. Gullugyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylyp, iň döwrebap enjamlar we programma mümkinçilikleri bilen üpjün edilýär. Gümrük işine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen hem-de sebitiň ýurtlarynyň gümrük edaralarynyň arasynda maglumat alyşmaga, gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň we ulag serişdeleriniň möçberini artdyrmaga, gümrük kadalarynyň bozulmalarynyň öňüni almaga, döwrebap gümrük hyzmatlaryny we gözegçiligini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan bu taslamalaýyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde öňdebaryjy halkara tejribäniň we iň täze tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýurdumyzyň gümrük serhediniň üstünden harytlaryň hem-de ulag serişdeleriniň geçirilmeginiň tertibiniň berjaý edilmeginde alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler ýokary netijesi bilen tapawutlanýar. Gullugyň düzüminde ýurdumyzda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň emele gelmegi bilen baglanyşykly birnäçe täze gümrük edaralary döredildi. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalarynyň netijesinde gümrük nokatlarynda dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň kämil gözegçilik enjamlarynyň üpjünçiligi dowamly alnyp barylýar.

Kakamyrat DAGDANOW,
welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar