Her güni toý-baýramlara beslenýän Watanymyz uly ösüşlere eýe bolýar. Ata-babalarymyz ylym-bilimiň gadyr-gymmatyna örän gowy düşünipdirler. Pederlerimiziň «Bilimli il ozar, bilimsiz il tozar», «Bilegi zor birini ýykar, bilimi zor — müňini» ýaly parasatly sözleri hem muny subut edýär. Bilim — bagtyň badalgasy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylmyň, bilimiň ösdürilmegine örän uly ähmiýet berýär. Bu ugurda edilýän tagallalar ýaşlarda bilim almaga bolan höwesi has-da artdyrýar. Olary Watan waspynda joşdurýar. Bilime teşnelik — Watany söýýän, ony gülledip ösdürjek ýaşlaryň esasy aýratynlyklarynyň biri.