Aşgabada salama gel!

12 Aprel 2021
1050

Adamlaryň şatlygyna şatlyk goşýan işler ömre many çaýýar. Paýtagtymyz Aşgabadyň gujagynda halkymyzyň bähbidini nazarlaýan, ýurduň at-abraýyny has-da artdyrjak asylly işleriň gerimi barha giňeýär. Gözellikleriň jemlenen ýeri bolan paýtagtymyz Aşgabat— aşyklaryň şäheri, onuň erem bagyny ýadyňa salýan giň gujagy bu günki gün dost-doganlygyň, bagtyýarlygyň we täze ösüş-özgerişleriň mekanyna öwrüldi. Biri-birine sazlaşýan binalaryň paýtagtymyzyň görküne goşýan görki egsilmezdir. Barha giňäp barýan Aşgabadyň gözel keşbi ertekiler dünýäsine çalym edýär.

Gözelligi göreý diýseň,
Aşgabada salama gel!
Gudrat munda, kerem munda,
Alkyş bilen kelama gel!

Rahmangylyç ANNAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Beýleki habarlar