Ýürekler buýsanja beslenýär

11 Aprel 2021
817

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygyna bolan buýsanç duýgulary döwletimiziň raýatlaryny agzybirlikde ýaşamaga, milli Liderimiziň daşyna berk jebisleşip, halal zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge we halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Geçirilýän giň möçberli özgertmeler arkaly gazanylan ajaýyp üstünlikler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen amala aşyrylýan işleriň netijesinde, sport ulgamynda hem uly üstünlikler gazanylýar. Türkmenistany senagat taýdan ösdürmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça iri taslamalaryň hem-de Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen gazanylýan üstünlikler hem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan pähim-parasatly hem-de oýlanyşykly syýasatynyň buýsandyryjy netijesidir.

Işanguly MANAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar