Maýa goýum forumynyň jemleri

10 Aprel 2021
867

Düýn «Türkmendemirýollary» agentliginiň edara binasynda iki gün dowam eden maýa goýum forumy üstünlikli jemlendi. Oňa ulag we kommunikasiýa toplumynyň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.

Döwlet — hususy hyzmatdaşlygy ösdürmek, ulag we kommunikasiýa ulgamyna maýalary çekmek, täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmekden ötri geçirilen forumyň ikinji güni hem netijeli boly. Kiçi we orta telekeçiligiň maýa goýum serişdelerini çekmek arkaly bu toplumyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, ilkinji gezek guralan forumda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek hem ösdürmek boýunça pikir alşyldy. Onuň çäklerinde birnäçe gepleşikler, «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlikler guraldy.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar