Türkmen önüm öndürijileriniň we telekeçileriniň maslahaty

9 Aprel 2021
926

AŞGABAT, 8-nji aprel (TDH). Şu gün “Türkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda maýa goýum forumy öz işine başlady. Oňa ýurdumyzyň önüm öndürijileridir telekeçileri, ulag we kommunikasiýa toplumynyň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän çäräniň maksady ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ulag hyzmatlaryna isleg bildirýänleriň arasynda işjeň gatnaşyklary ýola goýmakdan, döwlet hem-de hususy pudaklary ösdürmekden, ulag we kommunikasiýa ulgamynda işleýän ýurdumyzyň telekeçileriniň maýalaryny çekmek arkaly, import önümleriniň ornuny tutýan harytlary, täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmekden ybaratdyr.

Beýleki habarlar