Sahawat — köňüllere zyýarat

8 Aprel 2021
860

Ruhy päklik, hoşniýetlilik, birek-birege hemaýat bermek, ýetimiň başyny sypamak, olaryň aladasyny etmek, mätäji goldamak ýaly ýörelgeleriň gymmaty halkymyzyň milli ynanjynda aýratyn ähmiýete eýedir. Ýaşaýyş medeniýetimizde orun alan sahawatlylyk türkmen halkynyň dünýä, bütin barlyga mähribanlyk paýlaýan ajaýyp häsiýetlerinden gözbaş alýar. Arassa ahlak ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak, hoşniýetli gatnaşykda bolmak ýaly ýörelgeleriň ençemesi häzirki wagtda hem öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Muňa biz ýakynda hormatly Prezidentimiziň mätäç çagalara hemaýat bermek maksady bilen ýörite haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakyndaky Karara gol çekmeginiň, ilkinji bolup gaznanyň hasabyna aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny geçirmeginiň mysalynda ýene bir gezek göz ýetirdik. Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça döredilen haýyr-sahawat gaznasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy bolsa agzybir türkmenistanlylaryň kalbynda çäksiz buýsanç duýgusyny döretdi.

Halkymyzyň arasynda “Ýagşylaryň ýagşylygyny aýt, sahawaty artsyn...” diýen pähim bar. Ýurt Baştutanymyzyň başyny başlan bu sahawatly başlangyjy bilen ençeme hemaýata mätäç çagalaryň ykbalynda bagtdan pürepür pursatlaryň ýakymyny duýmak bagty miýesser eder. Bu haýyrly iş ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň mundan beýläk-de ilerlemegine, ynsanperwerlik ýörelgesiniň pajarlamagyna itergi berer. Çünki halkymyz islendik beýik işleriň rowaç almagynyň aňyrsynda mätäje goldaw bermek, ynsan köňlüni awlamak ýaly ruhy edähetleriň ýatandygyna ýürekden ynanypdyrlar. Taryhy döwürde dünýäniň köp bölegini soran han-soltanlar hem garyp-gasarlary, ýetim çagalary hemişe hemaýaty bilen gurşap durupdyrlar, döwletiň goldawyny olardan hiç haçan gaýgyrmandyrlar. Bu däp-dessurlar halkymyzyň döwletlilik ýörelgesiniň ruhy esasyny düzüpdir.

Ogulmaýsa ALLABERDIÝEWA,
«Edebiýat we sungat».
Beýleki habarlar