Watanymyzyň asudalygynyň goragy mukaddes hem-de mizemez belent borçdur

7 Aprel 2021
868

Şu ýylyň 6-njy aprelinde hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem ýurdumyzda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hasabyna olaryň işini kämilleşdirmek hem-de maliýe serişdeleriniň maksadalaýyk ulanylmagyna gözegçilik etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň barşynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary özleriniň tabynlygyndaky düzümlerde ýerine ýetirilen işler barada hormatly Belent Serkerdebaşymyza hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyga, dostluga hem-de hoşniýetlilige esaslanýan syýasatyny nazara almak arkaly işlenip taýýarlanylan goranyş häsiýetli Harby doktrinasynda kesgitlenen wezipelere ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň, serkerdeleri taýýarlamak ulgamyny ösdürmegiň, şahsy düzümiň arasynda watançylyk-terbiýeçilik işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtap, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Häzirki wagtda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyryşyny talabalaýyk derejede guramaga, şeýle hem Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe ykjam taýýarlyk görülýär.

«Esger».
Beýleki habarlar