Baky bagtyň mekany

7 Aprel 2021
996

Toý-baýramlary goşa-goşadan gelýän ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda halkymyz şanly seneleriň ikisini — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, şeýle hem Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygyny uly joşgun bilen garşylaýar. Häzirki wagtda bu baýramçylyklara ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda ýokary guramaçylyk derejesinde uludan taýýarlyk görülýär.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Aşgabat düýpgöter täze binagärlik keşbine eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalarynyň netijesinde merjen şäherimizde häzirki zamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýän edara-binalaryň, döwrebap ýaşaýyş toplumlarynyň we jemgyýetçilik desgalarynyň ençemesi gurlup ulanylmaga berildi. Olaryň her biriniň binagärlik taýdan özboluşly aýratynlyga eýedigi bolsa buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Bu ugurda paýtagtymyzyň desgalarynyň 11-siniň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi halkymyzyň kalbynda egsilmez buýsanç duýgularyny döretdi. Merjen şäherimiz hem bu kitapda 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde hasaba alyndy. Ýurdumyzyň baş şäheriniň halkara abraýynyň barha belende göterilýändiginiň düýp özeninde, beýik işleriň ählisiniň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyz, mähriban paýtagtymyz hakynda edýän taýsyz tagallalary dur.

Şpagül GENJEBAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 132-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar