Watan goragçylaryna hem-de milli mirasymyza belent sarpa

7 Aprel 2021
898

5-nji aprelde hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolup, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlarynyň taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem mähriban Arkadagymyz bu ýerde geçirilen çapyşyklara tomaşa etdi we ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigine taýýarlanýan bedewleri synlady.

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Bu düzümler häzirki zaman tehnikalary hem-de enjamlary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Şol bir wagtyň özünde harby we hukuk goraýjy edaralarda sportuň dürli görnüşleri, şol sanda atçylyk sporty bilen meşgullanmak, atlaryň çapyşyklara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu bolsa ynsan gylykly bedewleriň Watan goragçylarynyň we ýurdumyzda düzgün-tertibiň berkarar edilmegini gözegçilikde saklaýan şahsy düzümleriň ýakyn ýardamçylaryna öwrülmegini üpjün edýär.

«Esger».
Beýleki habarlar