Ahalteke bedewlerimiziň şanyna

7 Aprel 2021
774

Şu günler Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» ady bilen wagyz-nesihat çäreleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Şahsy düzümiň arasynda ahalteke bedewlerimiziň şanyna geçirilýän çärelere Serhet gullugynyň tejribeli harby gullukçylary, degişli hünärmenleri hem gatnaşdylar. Şeýle çärelerde ilkinji gürrüňler ahalteke bedewlerimiziň dünýäde saýlama hem seýrek duş gelýän atlardygy, olaryň gelip çykyşy, aýratynlygy hakynda boldy. Çykyşlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda atçylyk pudagymyzyň, seýisçilik sungatymyzyň ösdürilişi, Watan goragyny alyp barmakda, hususan-da, dost-doganlyk araçäklerimizi goramakda ahalteke bedewlerimiziň gulluk atlary hökmünde peýdalanylyşy barada gürrüň edildi. Türkmen bedewlerine bagyşlanan şeýle wagyz-nesihat çäreleriniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar at-owazasy äleme dolan milli baýlygymyzyň — ahalteke bedewlerimiziň elmydama giň sähralarymyzy bezäp, aýlawlarymyzy baglap durmaklaryny arzuw etdiler.

Daýanç KAKAMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, kiçi seržant.
Beýleki habarlar