Şanly toýlara buýsanç

7 Aprel 2021
699

Şu günler halkymyz döwlet derejesinde belleniljek goşa toýa giňden taýýarlyk görýär. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hem-de gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň toýy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şanly wakalarynyň hatarynda iň esasylarydyr.

Ilkibaşda kiçeňräk oba bolan Aşgabat geçen taryhy döwrüň içinde ösüp-örňäp, häzirki derejesine etdi. «Adam eli gyzyl gül» diýleni, birwagtky obanyň ornunda ajaýyp, döwrebap, häzirki zaman şäheri kemala gelip, Aziýanyň merjen şäheri adyna eýe boldy.

Ogulbibi MESKUTOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar