Täzelikler

7 Aprel 2021
835

Ber­ka­rar döw­le­tiň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hu­su­sy­ýet­çi­le­riň je­mi ön­dü­ril­ýän içer­ki önüm­dä­ki pa­ýy 66 gö­te­rim­den hem geç­di. Işe­wür­ler Ýurt­baş­tu­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da önüm­le­riň da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän­le­ri­niň öwe­zi­ni dol­ýan, şeý­le hem eks­por­ta ug­ra­dyl­ýan­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri­ni yzy­gi­der­li kö­peld­ýär­ler.

Bu bol­sa ila­tyň ýy­lyň do­wa­myn­da azyk­lyk we beý­le­ki ýa­şa­ýyş-dur­muş üçin ze­rur bo­lan önüm­le­riň bol­çu­ly­gy­nyň dö­re­me­gi­ne ge­tir­ýär. Te­le­ke­çi­le­re ýe­ral­ma, po­mi­dor, hy­ýar, ke­lem, so­gan we beý­le­ki gök-bak­ja, şeý­le hem beý­le­ki azyk­lyk önüm­le­ri ter­li­gi­ne sak­la­mak we ila­ta ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len so­wa­dy­jy am­mar­la­ry gur­mak, şeý­le hem oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dür­mek üçin ýer bö­lek­le­ri bök­denç­siz bö­lü­nip be­ril­ýär. 2025-nji ýy­la çen­li oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dür­mek üçin su­wa­rym­ly ýer­le­riň meý­da­ny gi­ňel­di­lip, 330,8 müň gek­ta­ra ba­ra­bar bo­lar.
* * *
Le­ba­byň Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky döw­let saz­ly-dra­ma teat­ryn­da täze möwsüm «Watan jandan ileri» atly sahna oýny bilen başlandy. Re­žissýor Per­hat Hu­daý­be­re­no­wyň go­ýan sah­na oý­nun­da tak­dy­ryň em­ri bi­len ýur­dun­dan alys­lar­da ýa­şa­ma­ga mej­bur bo­lan Gül­ba­har ma­ma­nyň yk­ba­ly bi­len bag­la­ny­şyk­ly wa­ka­lar su­rat­lan­dy­ryl­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Ak­ja­gül Su­ha­no­wa oýun­da baş keş­bi jan­lan­dyr­ýar.

Beýleki habarlar