Ýurt galkynyşynyň gözbaşy

7 Aprel 2021
1051

Agzybir türkmen halky bu gün mähriban Watanymyzyň ösüşleriniň binýady bolan şanly Garaşsyzlygymyzyň ajaýyp miwelerine buýsanyp, bagtyýar durmuşda, erkana ýaşaýar. Çünki mukaddes Garaşsyzlygymyz döwlet berkararlygynyň, ýurt galkynyşynyň, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ilerlemeginiň gözbaşydyr. Özygtyýarlylygymyza eýe bolanymyzdan bäri geçen ýyllar diňe bir özüniň şöhratly ýazgylary bilen taryhyň gatlaryny bezemän, eýsem, Watanymyz üçin ruhy galkynyşyň hem beýgelen döwrüdir. Biz bu hakykata soňky 10-15 ýylyň içindäki özgertmeleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Bu ýyllar diňe bir halkyň bähbidine ýugrulan tutumly maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylan döwri bolman, eýsem, dünýäniň syýasy jemgyýetçilik giňişliginde-de Garaşsyz Türkmenistanyň adyny şöhratlandyrdy. Bu bolsa Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen parahatçylygy goldamak, howpsuzlygy berkitmek ugrunda ýola goýýan halkara hyzmatdaşlygynyň hem işjeňleşmegine aýratyn itergi berdi. Türkmenistanyň serhetdeş döwletler bilen alyp barýan howpsuzlyk we özara ynanyşmak babatyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy-da hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky ýadawsyz tagallalarynyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdiren aladalarynyň özenini düzýär. Dünýä halklaryna tarap uzaýan şeýle hyzmatdaşlyk ýollarynyň buýsandyryjy netijeleri bolsa bu gün Garaşsyz Türkmenistanyň batly gadamlarynyň bagtyýar owazy bolup ýaňlanýar, ösüşiň aýdyň şöhlesi bolup Zemine nur saçýar.

Garaşsyzlyk bu uly gymmatlykdyr, agzybir halkymyzyň dost-doganlyk ýörelgeleriniň ygrarydyr. Ýurt Garaşsyzlygymyz Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bahasyny hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr. Bu beýik mukaddeslik bilen galkynan türkmen halkynyň mundan beýläk-de bagtyýar durmuşda ýaşajakdygyna ynamy uly. Çünki elmydama diňe bir öz ýurdunyň, raýatlarynyň aladasy bilen ýaşaman, eýsem, tutuş dünýä ähmiýetli, umumadamzat bähbitli teklipleri öňe sürýän milli Liderimiziň durmuşa geçirýän başlangyçlary ertirlerimiziň bu günden hem şöhratly boljakdygynyň aýdyň görkezijisidir.

Aşyr GURBANGELDIÝEW,
Dänew etrap-şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.
Beýleki habarlar