Döwrümiziň binagärlik keşbi

7 Aprel 2021
796

Aşgabat şäheri — ahalteke bedewleriniň mekanynyň paýtagty. Şäheriň binalarynyň bezeginde türkmen bedewleriniň keşbi milli buýsanjymyzyň, bedew batly ösüşlerimiziň hem-de pederlerimiziň şöhratly ýolunyň beýany bolup görünýär.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabat şäheri irki döwürlerden bäri, ahalteke atçylygynyň ösen merkezleriniň biridir. Şol döwürler Gyrsakar, Tyllaguş, Mele, Ýel, Ülker ýaly dünýä meşhur bedewler seýislenipdir. Häzirki döwürde Aşgabatda ýerleşýän atçylyk sport toplumlarynda at çapyşyklaryny we atly sport bäsleşiklerini halkara talaplara laýyklykda guramak bilen, türgenler we bedew janköýerleri üçin amatly şertler döredildi. Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ştab-kwartirasy ýerleşýär.

Yslamberdi TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar