Ynsanperwerligiň belent nusgasy

6 Aprel 2021
854

Her bir güni toý-baýrama beslenýän eziz Watanymyzda uly ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzyň halkynyň, şol sanda ýaş nesilleriň durmuşynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp günlerinde dowam edýändigine buýsanýarys. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylmyň, bilimiň ösmegine uly üns berýär, ýaşlaryň bilim almagyna giň mümkinçilik döredýär.

Biziň ata-babalarymyz ylmyň-bilimiň gadyr-gymmatyna gowy düşünipdirler. Olar ylym-bilim barada parasatly sözleri döredipdirler. Şonuň üçin ýaş nesilleriň ylymly-bilimli bolmaklary hakynda çuňňur alada edipdirler. Şeýle hem pähimdar pederlerimiz durmuşyň kynçylygyna sezewar bolan çagalara, adamlara hemaýat edipdirler, olara kömek etmegi asylly ýörelge hasaplapdyrlar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde gadymdan gelýän ynsanperwerlik ýörelgelerimiz döwrebap ösdürilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ynsan hakynda uly aladalar edilýändigini, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň beýan edýär.

Miwe HOJAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 32-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar