Ak bagtym sen, paýtagtym!

5 Aprel 2021
777

Watan diýlende, ilki bilen, gözümiziň öňünde ajaýyp gözelligi, owadanlygy bilen Aziýanyň merjen şäheri diýlip ykrar edilen paýtagtymyz Aşgabadyň nurana keşbi janlanýar. Al-elwan güller, bagy-bossanlyk, tebigat bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýän seýilgähler, belent-belent binalar: kaşaň köşkler, muzeýlerdir myhmanhanalar, ylym--bilim ojaklary, sport desgalary... paýtagtymyza gelen, bu gözellikleri synlan her bir adamda hiç haçan unudylmajak ýakymly täsirleri galdyrýar. Bagtyýar raýatlaryň ýaşamaklary üçin bu ýerde döredilýän diýseň oňat şertleriň milli Liderimiziň halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmak ugrunda edýän taýsyz tagallalaryndan, paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça belent sepgitleri nazarlaýan başlangyçlaryndan gözbaş alýandygyny bellemek örän ýakymlydyr.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň uludan toýlanyljak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyz paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk senesini ruhubelentlik bilen belläp geçer. Döwrümiziň taryhyna zer harplar bilen ýazyljak, agzybir halkymyzyň mähriban Arkadagymyza bolan söýgi-buýsanjynyň egsilmezdiginiň aýdyň beýanyna öwrüljek, paýtagtymyzyň gözelliginiň, Watanymyzyň ösüş-özgerişleriniň waspy belentden ýetiriljek baýramçylyk dabaralary kalplary ylham nuruna beslär. Goý, şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!

Ogulgül BABAÝEWA,
Balkanabat şäherindäki 32-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.
Beýleki habarlar