Pomidor agajy

4 Aprel 2021
1836

Gündelik durmuşymyzda esasy azyk önümi hökmünde giňden ulanylýan pomidoryň diňe bir otjumak görnüşi däl-de, eýsem, edil beýleki miweli baglar ýaly agaç görnüşi hem ösýär. Pomidor agajynyň watany günorta we merkezi Amerika hasaplanylýar.

Pomidoryň ýabany görnüşi Braziliýada, Peruda, Çilide, Ekwadorda duşýar. Ylmy çeşmelerde bu pomidor agajy «Sprut F1» diýlip hem atlandyrylýar. Pomidoryň salkym görnüşli ýetişýän sortundan birnäçe ylmy gözleg işleriniň netijesinde sapma arkaly döredilen bu sort özüniň çalt ösýändigi, daşky täsirlere çydamlylygy, köp hasyllylygy bilen tapawutlanýar. Bu pomidor agajynyň 50 inedördül metrinden 1,5 tonna golaý hasyl almak bolýar, bu bolsa her bir inedördül metrden 30 kilogram pomidor hasylyny alyp bolýandygyny görkezýär. Onuň 5 – 6 sany miwesiniň agramy 100 – 110 gram möçberinde bolup, bu agajyň beýikligi 4 – 5 metr, ýaşaýyş dowamlylygy bolsa, 15 ýyla çenlidir.

Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar