Daýhanyň daýanjy — Watanyň kuwwaty

2 Aprel 2021
1119

— Hormatly Prezidentimiz golaýda şu ýylyň gowaça ekişine girişmäge ak pata berdi, il sylagly ýaşulular bolsa hut biziň ekin meýdanymyzda «bismilla» diýip, ekişe başlap berdiler. Bu waka toparymyzyň agzalarynda uly täsir galdyrdy. Biz üstümizdäki ýylda ekinlerden bol hasyl alyp, beýik senäni — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyny zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýäris.

Biziň söhbetdeşimiz Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň 4-nji kärendeçiler toparynyň baştutany Arzygül Mämmetkulyýewa. Ol gowaça ekişine girişilmegine bagyşlanan welaýat geňeş-maslahatynyň özünde galdyran täsirleri barada buýsanç bilen şeýle gürrüň berýär. Şeýle bolmazça hem däl. Şol gün welaýatymyzyň oba hojalyk hünärmenleri, belli ekerançylary, ussat mehanizatorlary öňdebaryjy toparyň agzalarynyň ekin meýdanlarynda bolup, daýhanlaryň ýerleri ekişe taýýarlamak, güýzlük bugdaýlara ideg etmek boýunça alyp barýan işleri bilen höwesli tanyşdylar. Şonda olarda ýer eýeleriniň bitiren işleri kanagatlanma duýgusyny döredipdi. Öz gezeginde tutumly maslahatyň geçýän ýerinde jemlenen kuwwatly oba hojalyk tehnikalary, iş gurallary daýhanlarda hem uly gyzyklanma döretdi. Täze, ýokary öndürijilikli tehnikalaryň gözýetime uzalyp gidýän hatarlary döwletimiziň möhüm pudagy ösdürmäge, daýhanlara goldamaga, ahyrky netijede bolsa oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmäge ilkinji derejeli üns berýändigine şaýatlyk edýär. Daýhany goldaýan ýurt baýaýar, kuwwatly bolýar. Hormatly Prezidentimiziň bu nusgalyk ýörelgesi barha rowaçlanýar.

Mämmet GYLYJOW.
Beýleki habarlar