Ösüşiň aýdyň ýoly

1 Aprel 2021
1041

Ýurdumyzyň oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda uly tagallalar edilýär. Gowaça ekişiniň dowam edýän häzirki günlerinde bu jogapkärli işde ýöriteleşdirilen döwrebap tehnikalaryň — dürli kysymly traktorlaryň, ekijileriň, hatararalaryny bejerýän gurallaryň giňden ulanylmagy şeýle diýmäge esas berýär. Munuň özi ekiniň geljekki hasylynyň ygtybarly binýadyny tutýan meýdan işleriniň takyk depginini üpjün edýär.

Gowaça ekiji tehnikalaryň sanly telematik ulgam arkaly dolandyrylmagy tohumyň gögerijilik ukybynyň ýokary bolmagynda, hatar aralarynyň takyklygynda we tohumyňdyr dökünleriň tygşytly ulanylmagynda ähmiýetli orun eýeleýär. Milli Liderimiziň tagallalary esasynda daşary döwletleriň dünýä meşhur kompaniýalaryndan satyn alnan şeýle tehnikalar bu gün daýhanyň daýanjyna öwrüldi. Bu bolsa ýurdumyzda gurlan we ylmyň iň täze gazananlary bilen üpjün edilen senagat kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmekde, importyň ornuny tutýan önümleri özümizde ýetişdirmekde we olaryň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda düýpli esas bolup hyzmat edýär.

Garly GARLYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bäherden etrap birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar