Arkadagymyzyň saýasynda Garaşsyzlygymyzyň miweleri

1 Aprel 2021
1093

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň paýhasly başlangyjy bilen we ýolbaşçylygynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary, şol sanda oba hojalygy hem ösüşinde kuwwatly itergä eýe boldy. Bu pudakda häzir hususy ulgam özüni has işjeň görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Kaka etrabynyň G. Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy – «Oguz ýoly» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär hem-de toplumyň çägine girýär.

Beýleki habarlar