Demokratik ýörelgelere esaslanyp

31 Mart 2021
729

Taryhy taýdan gysga döwrüň içinde gazanylan beýik ösüşlere daýanyp, ýurdumyzy döwrüň talabyna laýyk düýpli özgertmek, ösdürmek, milli kanunçylygymyzy yzygiderli kämilleşdirmek meselesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän döwlet syýasatynyň düýp özenini düzýär. Milli parlamentiň iki palataly düzüminiň döredilmegi «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygaryň astynda jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň, şeýle hem sebitleriň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, demokratik düzümleriň berkidilmeginiň bähbidine gulluk etmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna geçen ýekşenbe güni geçirilen saýlawlar ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülip, döwletimiziň demokratik esaslaryny berkitmekde, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerini pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öňňin Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasyny gowşurmagy ähli ildeşlerimizde uly buýsanç duýgularyny döretdi. Saýlawlaryň açyklyk, aýdyňlyk, demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmegi, oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, tutuş ilatymyzyň, aýratyn-da, saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagy ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän milli demokratik esaslaryň berkarar bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar