Halkymyzyň jebisligi — watanymyzyň synmaz kuwwaty

31 Mart 2021
788

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli taýýarlyk çäreleriniň ýaýbaňlandyrylan döwründe ýurdumyzyň täze taryhynda ilkinji gezek üstünlikli geçirilen we milli parlamentiň durmuşynda täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary şu ýylyň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň nyşany boldy. Öňňin, ýagny 30-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasyny gowşurdy. Mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça milli parlamentiň hil taýdan täze, iki palataly düzümiň döredilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşiniň hukuk esaslarynyň berkidilmegini, döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün eder.

Bilşimiz ýaly 28-nji martda ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine laýyklykda, şeýle hem Halk Maslahatynyň karary esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Bu edara türkmen halkynyň bagtly durmuşynyň, ata Watanymyzyň nurana geljeginiň hatyrasyna Hökümetiň işläp taýýarlaýan we ýurdumyzyň halky bilen amala aşyrýan uly möçberli maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini üpjün eder. Bu gezekki geçirilen saýlawlaryň ozalky saýlawlardan düýpli tapawutlanýandygyny bellemek gerek. Olar ýurdumyzda ilkinji gezek göni däl saýlaw hukugy esasynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň mejlislerinde geçirildi. Saýlawlara welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň jemi 231-si gatnaşyp, olar degişli saýlaw toparlary tarapyndan hasaba alyndy. Saýlawlarda ses bermek Döwlet senamyzyň ýaňlanmagynda başlandy.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar