Bereket çeşmesi

28 Mart 2021
1017

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde toprakdan bol hasyl almak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen oba hojalygy ösdürilýär, oba hojalygyna döwrebap innowasiýalar ornaşdyrylýar. Şonuň netijesinde hem ýurdumyzda pagtadan, bugdaýdan, gök-bakja ekinlerinden bol hasyl alynýar. Ynha, ýakynda hem hormatly Prezidentimiz Kaka etrabynda döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi. Bularyň hemmesi türkmen topragynyň berekedidir.

Mälim bolşy ýaly, ilatyň ýaşaýyş derejesini we onuň hilini ýokarlandyrmak bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan oba hojalygyny hemme taraplaýyn ösdürmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde häzirki wagtda bu ulgamda obasenagat toplumynyň öndürijiligini ýokarlandyrmaga, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini yzygiderli artdyrmaga, ekerançylaryň döredijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Köp möçberde maliýe serişdeleri maýa goýlup, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, sanly ulgamy we innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Gülşat MÄTIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar