Türkmen bedewi — milli gymmatlyklaryň naýbaşysy

24 Mart 2021
1171

22-nji martda mähriban Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de döredijilik bilen meşgullandy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşluk habary ýetirildi. Milli Liderimiz öz seýisläp ýetişdiren Akhan atly bedewiniň ilkinji at taýynyň doglandygy baradaky buşluga ruhlandy we bu habary uly şatlyk bilen garşylady.

Baharyň nurana günleriniň birinde at taýyň dogulmagy ýurdumyzyň durmuşynda möhüm şanly seneleriň ajaýyp pursatlar bilen utgaşýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Döwlet Baştutanymyz kalbyňa joşgun berýän bu habara begenip, täze doglan taýçanagyň boýnuna käbesi Ogulabat ejäniň taýýarlan alajasyny daňdy. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän dünýä nusgalyk milli ýörelgeleriň döwrebap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiz täze doglan taýyň eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan ýylynda dünýä inmeginiň buýsançly wakadygyny belledi. Taýçanagyň dünýä inmegi türkmen atşynaslarynyň şatlygyny hem-de behişdi bedewlere bolan buýsanjyny artdyrdy. Bu görnüşler ynsan bilen bedewiň özara baglanyşygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

«Esger».
Beýleki habarlar