Täzelikler

24 Mart 2021
708

Welaýatymyzyň ussat ýüpekçileri şu ýyl Watanymyzyň kümüş çäjine gymmatly çig malyň 1010 tonnasyny tabşyrmagy maksat edinýärler. Häzirki wagtda ýüpek gurçuklaryny idetmek bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyryldy.

Hojambaz etrabynyň ýüpekçileri hem möwsüme taýýarlyk işlerini tamamladylar. Ýüpek gurçuklaryny örüzmek üçin inkubatoriýalaryň 12-sinde, hasyl kabul ediş sehleriniň 4-sinde abatlaýyş we zyýansyzlandyryş işleri geçirildi. Etrabyň ýüpekçileri üstümizdäki ýylda 97 tonna pile taýýarlamagy maksat edinýärler.

Beýleki habarlar