Beýik başlangyçlar bagta atarýar

24 Mart 2021
711

Ýurdumyz dünýäde ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly döwletleriň hataryna goşuldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistanyň taryh üçin şeýle gysga döwürde gazanan ägirt uly üstünliklerine, ýeten belent sepgitlerine bütin dünýä haýran galýar. Bu gün türkmen döwletiniň şan-şöhraty dünýä ýaýylyp, mertebesi has-da belende göterilýär.

Bitarap döwletimiziň esasy daşary syýasy ugurlarynyň biri döwletleriň arasynda ygtybarly ulag aragatnaşygyny ýola goýmakdan ybaratdyr. Häzirki döwürde ulag-aragatnaşyk pudagy boýunça halkara hyzmatdaşlyk giň gerim alyp, barha pugtalandyrylýar. Şol mümkinçilikleri umumadamzat bähbitlerine gönükdirmek bilen hormatly Prezidentimiz halkara ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär. Ulag ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar ýurdumyzda multimodal ýük daşamagyň sebit boýunça utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistik merkezi döretmäge gönükdirilendir.

Bäşim AKYÝEW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar