Tüýtätinler

18 Mart 2021
1470

Irki döwürde Nowruzda ýazlaga çykan gelin-gyzlar, ýaş ýigitler döwre gurap tans edip, tüýtätin aýdypdyrlar. Ýaşajyk oglan-gyzlar bolsa elleri torbaly öýme-öý aýlanyp, tüýtätin sanawajyny aýdypdyrlar. Her baran öýi çagalara öňünden taýýarlanyp goýlan künjüli gowurga, patrak, gurt, igde, kak, sök, guradylan önümler beripdirler. Şonda çagalar özlerine düşen zatlary deň paýlaşyp iýipdirler. Bu edil ýaremezan bentleriniň aýdylyşyny ýatladýar. Şonuň üçin hem, tüýtätin bentleri TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hazynasynda gabat gelýän hem bolsa, häzirki döwre çenli ýaremezan bentleriniň arasynda öwrenilýär. Emma bularyň arasynda uly tapawut bardyr. Bu bentler ýaz aýlarynda, halk köpçüliginiň ekişe taýýarlanýan döwürlerinde edil ýaremezanlaryň aýdylyşy ýaly, ýöne Alladan ýagmyr dilemek maksady bilen aýdylan dileg aýdymlarydyr. Bu bentler ylmy taýdan derňelip görlende, halkymyzyň söze çeperliginden, öz ýaşaýyş-durmuşynda gabat gelen ähli zatlar barada söhbet açyp, jadyly söz arkaly geljekki nesillerine ýetirmek islänliginden habar berýär.

Tüýtätin aýtmak dessury, käbir ýerlerde (Tejen etraby, muňa institutyň hazynasynda saklanylýan bukjalarda gabat gelindi. — G.Y.) «çemçe gelin» dessury diýlip hem atlandyrylypdyr. «Gurakçylyk dowam edende ýagyş ýagmagyny islän çarwa aýallar we gyzlar Nowruzda bir ýere üýşüpdirler. Aýallaryň biri yrym edip, sanaçdan bir susak suw alyp, gyzlaryň üstüne sepeläpdir. Soňra uly susaga gelniň eşiklerini geýdirip, gyzlaryň eline berip, «Baryň, tüýtätin aýdyp geliň! Alla garaşyk edip, belki, ýagmyr ýagaýady-da, Burkut babaň ýoluna-da bir çebiş!» diýip, olary ýola salypdyrlar. Ýolda olara tüýtätin aýtmak islänler hem goşulypdyr. Çemçe gelni ellerinde göterip barýan gyzlar topary oba aýlanyp, her gapyda tüýtätin bentlerini aýdyp, Alladan ýagmyr diläpdirler.

Gurbanjemal YLÝASOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar