Şygryýet çemeni

17 Mart 2021
847

KÄBÄM

Dünýä gelip,
Gözüm açyp,
Gujagyňa doldum, käbäm!
Ýylgyrsam ýüregiň giňäp,
Aglamda gyýyldyň, käbäm!
Ençe gardan-ýagyşlardan,
Sowuk sözden, bakyşlardan
Goradyň bir pursat durman,
Şol günler dolansa, arman...
Uzakda galypdyr ýyllar,
Ýöne her niçigem bolsa,
Ençe ýol geçenem bolsa,
Ýatlamalar kalby ýyldar.

Aýjemal GAÝLYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar