Paýhas eýesi pyragy

17 Mart 2021
915

Milli gymmatlyklarymyza, medeni hem-de edebi mirasymyza uly hormat goýýan we olary bütin dünýä ýaýmak ugrunda tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belläp geçmek baradaky başlangyçlary hem-de Köpetdagyň belent gerşinde akyldaryň ýadygärliginiň bina edilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bir supranyň başyna jem bolan halkymyzyň kalbyny buýsanja besledi. Çünki Magtymguly Pyragy öz şygyrlarynda türkmeniň durmuş pelsepesini halka düşnükli dilde beýan edip, ýokary ahlak ýörelgeleriniň milli mekdebini kemala getiren beýik akyldardyr.

Bu günki bagtyýar zamanamyzda Magtymguly Pyragynyň paýhas ummany, dürdäne döredijiligi her bir ynsan, aýratyn-da, ýaş nesil üçin nusgalyk terbiýe mekdebidir. Akyldar atamyz öz döredijiliginde gaýratlylyk, sahawatlylyk, halallyk, päklik, lebzihalallyk, dosta wepalylyk, ynsanperwerlik ýaly ýörelgeleri tekrarlaýar. Şahyryň şygyrlary ynsan durmuşyna ruhy güýç goşýar. Olarda öňe sürülýän pikirler durmuşymyzda ahlak ýoluny arçaýar. Magtymgulynyň döredijiliginden eriş-argaç bolup geçýän, adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan, oňa estetiki lezzet berýän eserler milli terbiýäniň esaslaryny emele getirýär.

Aganepes AKUMMEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar