Ýokary netijeler ugrunda

17 Mart 2021
937

Gyş paslynyň tamamlanyp, ýaz paslynyň gelmegi bilen obahojalykçylaryň iş-aladalary has-da gyzgalaňly häsiýete eýe bolýar. Häzirki wagt maldarlar üçin jogapkärli möwsüm, owlak-guzy almak, mallaryň baş sanyny artdyrmak wezipesi örboýuna galýar. Mallary gyşdan dok we abat alyp çykan çopan toparlarynda owlak-guzy almak möwsümi üstünlikli başlandy we dowam edýär. Welaýatymyzyň maldarlary hem möwsümleýin işleriň her birini guramaçylykly geçirmegiň hötdesinden gelýärler.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny üstünliklere besläp, ýokary netijeleri gazanmak üçin welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynyň agzybir, zähmetsöýer işgärleri, çopan-çoluklary, weterinar lukmanlary tutanýerli zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiziň goldawlaryndan, özleri hakynda edýän irginsiz aladalaryndan ruhlanyp işleýän maldarlar, ilaty ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek, mallardan bol önüm alyp, baş sanyny artdyrmak üçin ýaryşyp işleýärler. Bu möwsümi ýokary netijelere besläp, abraýly jemlemek üçin işler guramaçylykly alnyp barylýar.

Beýleki habarlar