Tarhan

17 Mart 2021
1217

Bu söz barada „«Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginiň” 387-nji sahypasynda: „ 1. Orta asyrlarda käbir türki halklarda salgyt ýeňilliklerinden peýdalanýan adam. 2. Islegine görä hereket etmäge, ýaşamaga hukuk gazanan adam” diýlip düşündiriş berilýär. Tarhan, görkezýän hyzmatlaryndan daşary agras, akylly, giňgözýetimli, sypaýy, dana, okumyş adam bolmaly eken. Özüne edilýän hormat-sylagy göternip bilmän meslik, ýeňleslik, öwünjeňlik bilen pul sowurtlap, gomparyp, nädogry hereket edip, gözdençykgynç boluberse, ony ýaňsa alyp „«Pylany tarhandöker» diýilýän eken.

W. Ýançewskiniň Çingiz han, Baty han barada ýazan kitaplarynda tarhanlara mertebesine görä ýüzüne gaplaň, bürgüt şekili çekilen agaç, mis, kümüş, altyn paýza — tarhanlyk nyşany berilýän eken.

Beýleki habarlar