Döwletliligiň mizemez binýady

15 Mart 2021
744

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyz milli buýsanjymyz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň binýadyny pugtalandyrýan ägirt uly ösüşlere beslenýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanjak ýylynda ýurdumyzyň welaýatlarynda ykdysady kuwwatymyzy pugtalandyrýan täze binalaryň, desgalaryň hem-de döwrebap obalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi türkmeniň döwletliliginiň aýdyň nyşanydyr. Munuň özi sazlaşykly durmuş-ykdysady ösüşiň, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygynyň anyk beýany bolup durýar. Şonuň bilen bir hatarda, döwletimiziň yzygiderli durmuş-ykdysady ösüşleriniň her bir ugrunyň dünýä bileleşiginiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipeleri bilen sazlaşykly utgaşýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Häzirki wagtda mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyny ýokary ruhubelentlikde garşylamaga ykjam taýýarlyk görýär. Taryh üçin gysga döwürde eziz Watanymyz ösüşiň belent sepgitlerine ýetmek bilen, milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz tutuş jemgyýetimizi gurşap alýan kuwwatly, oňyn özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge her bir raýatyň bagtyýar ýaşaýşynyň üpjün edilmeginiň kepili bolup çykyş edýär. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyna, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmeklerine, ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmeklerine gönükdirilen köpugurly şertleriň kemala getirilmeginiň döwlet syýasatynyň derwaýys ugruna öwrülendigini şertlendirýär.

Daýanç ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar