Naýbaşy esere jan beren ussat

15 Mart 2021
857

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünliklerden ruhlanýan türkmen halky edebi mirasymyzyň altyn nusgalary bolan «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly», «Zöhre-Tahyr», «Şasenem-Garyp», «Gül-Bilbil», «Gül-Senuber», «Saýatly-Неmrа», «Hüýrlukga-Hemra», «Ýusup-Züleýha», «Leýli-Mejnun», «Babaröwşen» ýaly ençeme meşhur dessanlarymyzy uly höwes bilen okaýar, öwrenýär.

Dünýäniň ylmy ösüşiniň gadymy ojaklarynyň biri bolan türkmen topragyndan adamzat gymmatlyklarynyň iň nepisleri gözbaş alyp gaýdýar. Bu edebi miras meselesinde-de şeýle. Çünki adamzat medeniýetiniň altyn hazynasyna müdimilik giren ajaýyp eserleriň gözbaşynda türkmen topragynda dörän we soňra dünýä edebiýatynyň ösüşine badalga beren meşhur eserler bar. Pederlerimiziň paýhas ummanynyň dürlerini özünde jemleýän «Paýhas çeşmesi» atly kitapda: «Asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen ajaýyp dessanlarymyz, özüne bendi ediji ertekilerimiz, rowaýat-tymsallarymyz, şorta sözlerimiz we ýomaklarymyz, nakyllarymyz we matallarymyz, mährem zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň gözel şygryýeti bolan hüwdülerimiz hem-de lälelerimiz halkymyzyň taryhy hakydasydyr, durmuş mekdebidir» diýilýär.

Parahat DURDYGYLYJOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň aspiranty.
Beýleki habarlar